20-nji awgustda Ekwadorda geçirilen Prezident saýlawlarynda çepçi güýçlerden “Raýat ynkylaby” bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Luisa Gonzales sesleriň 33,28%-i bilen öňdeligi eýeledi. Ýöne milli saýlaw geňeşiniň başlygy Diana Atamaint sesleriň 70%-i sanalandan soň, saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Telekeçi we parlamentiň öňki deputaty Daniel Noboa sesleriň 24,18%-i bilen ikinji orny eýeledi. Şeýlelikde, Luis Gonzales we Daniel Noboa nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna çykdylar. Olaryň esasy garşydaşlary ýeňilendigini boýun aldy. Daniel Noboadan soň, “Stroý” partiýasynyň dalaşgäri Kristian Surita gelýär. Surita 16,2% sese eýe boldy. Ýan Topiç 14,61% ses alyp dördünji orunda gelýär.
Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgär iň ýakyn bäsdeşinden, azyndan, 10% köp ses almak şerti bilen sesleriň absolýut köplügine ýa-da 40%-den gowrak sese eýe bolmaly. Gazanylan sesler bu derejä çykyp bilmese ikinji tapgyr geçirilýär. Saýlawlaryň ikinji tapgyry 15-nji oktýabrda meýilleşdirilýär.
Rafael Korreanyň hökümetinde (2007-2017) dürli wezipelerde işlän 45 ýaşly Gonsales saýlawdan öňki kampaniýanyň dowamynda korrupsiýa we neşe gaçakçylygyna garşy göreşmegi wada berdi. 35 ýaşly Noboa saýlawdan öňki kampaniýalarda onçakly göze ilmeýärdi. Ol Ekwadorda oba hojalygynyň ösmegine itergi bermegi, ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy çäreleri görmegi wada berýär. Daniel Noboa bäş gezek prezidentlige dalaş etdi.
Ekwador Respublikasy Günorta Amerikanyň demirgazyk-günbataryndaky ýurt. Ekwador günbatarda Ýuwaş ummany, demirgazykda Kolumbiýa, gündogarda we günortada Peru bilen serhetleşýär. Ekwadoryň düzümine Galapagos adalary hem girýär. Häzirki wagtda ýurduň ilaty 17 milliondan geçýär.