11-nji aw­gust­da Rus­si­ýa­nyň “Wos­toç­nyý” kos­mod­ro­myn­dan uçu­ry­lan “Lu­na-25” aw­to­ma­ti­ki stan­si­ýa­sy­nyň Aýa gon­mak sy­na­ny­şy­gy şow­suz ta­mam­lan­dy. “Ros­kos­mos” döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy kos­mos en­ja­my­nyň 16-njy aw­gust­da Aýyň or­bi­ta­sy­na gi­ren­di­gi­ni mä­lim edip­di. 20-nji aw­gust­da bol­sa, “Lu­na-25” Aýyň ýü­zü­ne ýum­şak go­nu­şy ama­la aşyr­ma­ly­dy. 21-nji aw­gust­da bol­sa dört aýak­ly, ti­gir­siz en­jam işe gi­ri­zil­me­li­di. Ne­ti­je be­ren ýag­da­ýyn­da “Lu­na-25” Aýyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­na gon­du­ry­lan il­kin­ji kos­mos en­ja­my bol­ma­ly­dy. “Ros­kos­mos” kos­mos en­ja­my bi­len ara­gat­na­şy­gyň go­nu­şyň öň ýa­nyn­da ýi­ten­di­gi­ni we Aýyň ýü­zü­ne urup, ýok bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Mun­dan ozal kos­mos eda­ra­sy “Lu­na-25”-iň Aýyň or­bi­ta­syn­da wa­ty kos­mos gä­mi­si­niň ka­me­ra­la­ry ar­ka­ly al­nan il­kin­ji su­rat­la­ry ýa­ra­dyp­dy.
Aýyň şol bö­le­gin­de gym­mat­ly mag­da­nyň hem-de do­ňan hal­da­ky su­wuň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Hin­dis­ta­nyň kos­mos en­ja­my şu hep­de go­nar
Hin­dis­tan hem Aýa kos­mos gä­mi­si­ni uçu­ryp­dy. 11-nji aw­gust­da Aýyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len iş­läp taý­ýar­lan “Chand­rayaan-3” at­ly kos­mos gä­mi­si­niň Aýyň or­bi­ta­sy­na sag-aman gi­ren­di­gi mä­lim edi­lip­di. 14-nji iýul­da uçu­ry­lan “Chand­rayaan-3” at­ly kos­mos en­ja­my Aýyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­na gon­du­ry­lan­dan soň­ra 14 gün (bir Aý gü­ni) iş­le­di­ler. Kos­mos gä­mi­si­niň 23-nji aw­gust­da Ýe­riň hem­ra­sy­na gon­du­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Hin­dis­tan 2008-nji ýyl­da “Chand­rayaan-1” kos­mos gä­mi­si­ni uçu­ryp­dy. 79 mil­li­on dol­lar­lyk tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­dä­ki “Chand­rayaan-1” Aýyň ýü­zün­de su­wuň ala­mat­la­ry­ny ta­pyp­dy.
Rus­si­ýa Hin­dis­tan­dan bir­nä­çe gün öň ta­ry­hy go­nu­şy ama­la aşyr­ma­gy mak­sat edin­ýär­di. Rus­si­ýa (şol dö­wür So­wet So­ýu­zy) 1976-njy ýyl­dan bä­ri “Lu­na-25” bi­len il­kin­ji sy­ýa­ha­ty ama­la aşy­ryp­dy.
Ast­ro­nom­lar Aýyň bi­ze gö­rün­me­ýän ga­raň­ky ta­ra­py­nyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­nyň de­mir­ga­zy­gy­na gö­rä has ulu­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.