Weng­ri­ýa gel­jek ýyl Tür­ki­ýä­niň üs­tün­den 275 mil­li­on kub­metr te­bi­gy gaz sa­tyn alar. Bu ba­ra­da Tür­ki­ýä­niň BO­TAŞ hem-de Weng­ri­ýa­nyň “MVM CEE­ner­gy” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da Bu­da­peşt­de yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Yla­la­şy­ga gö­rä, 2024-nji ýyl­dan baş­lap, Tür­ki­ýä­niň üs­tün­den Weng­ri­ýa te­bi­gy gaz ibe­ri­lip baş­la­nar.
Da­şa­ry iş­ler we da­şa­ry söw­da mi­nist­ri Pe­ter Siý­ýar­to Weng­ri­ýa­da sa­par­da bol­ýan Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti Re­jep Taý­ýip Er­do­gan bi­len du­şuş­dy. Siý­ýar­to Weng­ri­ýa­nyň Tür­ki­ýä­niň üs­ti bi­len “Tür­kA­kym” gaz ge­çi­ri­sin­den te­bi­gy gaz sa­tyn al­mak bi­len gy­zyk­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, gel­jek ýyl 275 mil­li­on kub­metr te­bi­gy gaz sa­tyn al­mak ba­ra­da­ky yla­la­şy­ga gol çe­ken­dik­le­ri­ni aýt­dy. Mi­nistr Weng­ri­ýa bi­len Azer­baý­ja­nyň ara­syn­da gol çe­ki­len te­bi­gy gaz yla­la­şy­gy­nyň güý­je gir­me­gi bi­len gaz üp­jün­çi­lik­çi­si hök­mün­de Tür­ki­ýä­niň ener­gi­ýa­ny ge­çir­mek­de üs­ta­şyr äh­mi­ýe­ti­niň has art­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
BO­TAŞ kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, ýo­kar­da ag­za­lan yla­la­şyk bi­len ýur­duň kuw­wat­ly su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň we iki ýur­duň te­bi­gy gaz sak­la­ýan des­ga­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki bäh­bit­ler üçin peý­da­la­nyl­ma­gy üçin hyz­mat­daş­ly­gyň iler­le­dil­me­gi me­se­le­sin­de hem yla­la­şyk ga­za­ny­lan­dy­gy­ny be­ýan et­di.