Atlantik ummany bilen Ýuwaş ummanyň aralygyndaky gämileriň geçýän ugruny ep-esli derejede gysgaldýan Panama kanalyndan geçýän gämileriň sanyna guraklyk sebäpli çäklendirme girizildi. Kanalyň dolandyryjy edarasy 2-nji sentýabdra çenli her günde 32 gäminiň geçmegine rugsat beriljekdigini mälim etdi. Bu täsin suw desgasyndan her ýylda müňlerçe gämi geçýär. Adaty wagtda hem bu ýerde geçmekçi bolýan gämiler birnäçe gün nobata durmaly bolýarlar. Çäklendirmäniň girizilmegi bilen bolsa, gämiler has köp garaşmaly bolýarlar. Şeýle bolansoň, käbir firmalar ýük gatnawy üçin alternatiw ýollary gözläp başlandygy mälim edildi.
Suwy deňiz derejesinden has ýokardadygy sebäpli gämiler belli aralyklardan goýlan gatlalar arkaly hereket edip bilýär. Dar suw ötüginden gämi geçirilende, kanalyň kenarynda gurlan demir ýoluň üstünde hereket edýän maşynlardan hem peýdalanylýar. Kanalyň uzynlygy 80 kilometre barabar.