ABŞ-nyň “Car­gill” kom­pa­ni­ýa­sy ýel­ken­li gä­mi­niň döw­re­bap gör­nü­şi­ni iş­läp taý­ýar­la­dy. De­ňiz gat­na­wyn­dan ýel­den peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len ön­dü­ri­len gä­mi il­kin­ji sy­na­gy üçin su­wa goý­be­ril­di. Suw ula­gyn­da iki sa­ny “Wind­Wings” at­ly ga­nat­ly ýel­ken bar. Bu tas­la­ma “BAR Techno­lo­gi­es”, “Mit­su­bis­hi Cor­po­ra­ti­on” we “Yara Ma­ri­ne Techno­lo­gi­es” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar gol­daw ber­ýär. Sy­nag mak­sat­ly hem bol­sa, gä­mi­niň sy­ýa­ha­ty örän uzak ara­ly­ga ama­la aşy­ryl­ýar. Bi­ler­men­ler döw­re­bap ýel­ken­le­riň açyk de­ňiz­ler­de nä­hi­li ne­ti­je ber­ýän­di­gi­ni bil­mek üçin il­kin­ji sy­ýa­ha­ty­ny Sin­ga­pur bi­len Bra­zi­li­ýa­nyň ara­syn­da ama­la aşyr­ýar­ýar. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin “Mit­su­bis­hi” kor­po­ra­si­ýa­sy­na de­giş­li bo­lan “Pyxis Ocean” at­ly ýük gä­mi­si­ne be­ýik­li­gi 37,5 met­re ýet­ýän iki sa­ny ýel­ken otur­dy­lyp­dyr.
In­že­ner­ler bu ýel­ke­niň gä­mi­niň ýan­gy­jy 30 gö­te­rim az sarp et­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýag­ny gä­mi ada­ty ýan­gyç bi­len bir ha­tar­da ýel­ke­niň güý­jün­den hem peý­da­lan­ýar.
Hal­ka­ra ýük gat­na­wy­nyň uly bö­le­gi­niň gä­mi­ler ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy göz öňün­de tu­tu­lan­da, bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak­da tä­sir­li bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.