22-nji aw­gust­da meş­hur ital­ýan aý­dym­çy­sy we kom­po­zi­to­ry To­to Ku­tun­ýo 80 ýa­şy­nyň için­de Mi­la­nyň “San Raf­fae­le” ke­sel­ha­na­syn­da ara­dan çyk­dy. Ol uza­ga çe­ken agyr ke­sel­den soň ke­sel­ha­na ýer­leş­di­ri­lip­di. Aý­dym­çy­nyň ýag­da­ýy soň­ky aý­lar­da has-da agyr­la­şyp­dy. Meş­hur aý­dym­çy “L’ita­lia­no” aý­dy­my bi­len bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ýar.
2015-njy ýyl­da To­to Ku­tu­no Aş­ga­bat­da kon­sert ber­di. Şon­da us­sat aý­dym­çy iň go­wy aý­dym­la­ry­ny hö­dür­le­di. Bu kon­ser­te gat­naş­ma­ga mi­ýes­ser eden­le­riň hem­me­si mu­nuň ga­ty aja­ýyp kon­sert bo­lan­dy­gy­ny ýat­la­ýar­lar.
To­to Ku­tu­no­nyň de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk se­si we ha­riz­ma­sy, aý­dym­la­ry­nyň jan­ly­ly­gy we ro­man­ti­ka­sy aý­dym­çy­nyň Ita­li­ýa­da we dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­de ha­ky­ky ro­wa­ýa­ta öw­rül­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­di.
1975-nji ýyl­da To­to Ku­tu­no, “Et si tu n’exis­ta­is pas” we “Sa­lut” at­ly meş­hur hit­le­riň sa­zy­nyň aw­to­ry Jo Das­sin üçin aý­dym ýa­zyp baş­la­dy. Soň­ra onuň aý­dym­la­ry Ad­ria­no Çe­len­ta­no, Mi­reý Mat­ýe, “Ricchi e Poveri” we beý­le­ki ýyl­dyz­la­ryň re­per­tua­ryn­da peý­da bol­dy. 1980-nji ýyl­da To­to Ku­tu­no, “So­lo Noi” aý­dy­my bi­len San­re­mo fes­ti­wa­lyn­da ýe­ňi­ji bo­lup, Ita­li­ýa­da su­per ýyl­dyz bol­dy. Şeý­le hem ol 1990-njy ýyl­da Zag­reb­de ge­çi­ri­len Ýew­ro­wi­de­ni­ýe aý­dym bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si­dir.
To­to Ku­tun­ýo 1943-nji ýy­lyň 7-nji iýu­lyn­da Ita­li­ýa­nyň Tos­ka­na şä­he­ri­niň Fos­di­no­wo di­ýen oba­syn­da dün­ýä in­ýär. Ol 19 ýa­şy­na çen­li ýer­li to­par­lar bi­len dep­rek­çi hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. 1966-njy ýyl­da To­to özü­niň “To­to e i Ta­ti” to­pa­ry­ny dö­red­ýär. Ol Ita­li­ýa­da dö­re­den aý­dym­la­ry bi­len çy­kyş edip, uly üs­tün­lik ga­zan­dy. To­to 1967-nji ýyl­da gel­jek­ki aýa­ly Kar­la bi­len ta­nyş­ýar. To­to­nyň Ni­ko at­ly og­ly bar. 1981-nji ýyl­dan 1986-njy ýy­la çen­li iň köp sa­ty­lan “L’ita­lia­no” al­bo­my To­to Ku­tun­ýo uly ab­raý ge­tir­di. Hä­zir onuň maş­ga­la­sy Nap­le­siň go­la­ýyn­da­ky Por­to­fi­no şä­he­rin­de ýa­şa­ýar.