24-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy.
Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Palestinanyň daşary işler ministrini gadymy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz myhmana Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny tassyklap, Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana şu saparynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek geňeşmeleriň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly itergi berjekdigi bellenildi.
Türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy we myhman iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň dostluk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda depginli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigi we ýakyndygy hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge we pugtalandyrmaga oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Munuň bolsa dünýäde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge özara goldaw we hemaýat bermäge uly esas bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin palestin tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Uzak möhletli geljege gönükdirilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we işewürleriň hem-de telekeçileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Nebithimiýa we dokma senagatynyň, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümleriniň, dürli azyk harytlarynyň eksportyna, sanly tehnologiýalara geljegi uly ugurlar hökmünde garalýandygy nygtaldy.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagynda bu ulgama möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyz we Riýad al-Maliki Medeniýet günleriniň, türkmen we palestin alymlarynyň duşuşyklarynyň hem-de beýleki çäreleriň üstünlikli geçirilendigini kanagatlanma bilen belläp, medeniýet, ylym-bilim ulgamynda hem-de sungat we döredijilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny bellediler.