Zimbabweniň häzirki Prezidenti Emmerson Mnangagwa ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda ikinji möhlete saýlandy. Bu barada saýlaw toparynyň başlygy Prissilla Çigumba mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, 23-24-nji awgustda geçirilen Prezident saýlawlarynda E. Mnangagwa 2,35 milliondan gowrak ýa-da 52,6 göterim ses bilen ýeňiş gazandy. Onuň esasy bäsdeşi, “Özgerişiklik üçin raýat bileleşigi” partiýasynyň lideri Nelson Çamis – 1,967 milliondan gowrak, ýa-da 44 göterim sese eýe boldy. Saýlawlaryň netijesinde, E. Mnangagwa sesleriň ýarysyndan gowragyna eýe bolup, resmi taýdan Zimbabweniň Prezidenti wezipesine saýlandy.
Ýuduň kanunlaryna görä, Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda sesleriň 50 göteriminden gowragyny alan ýeňiji bolýar. Dalaşgärleriň hiç biri-de sesleriň 50 göteriminden gowragyny almasa, birinji tapgyrda iň köp ses alan iki dalaşgär ikinji tapgyra çykýar.
E. Mnangagwa 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Zimbabweniň Prezidenti wezipesine girişdi we 2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda geçirilen Prezident saýlawlarynda bäş ýyllyk möhlete üstünlikli saýlandy.