Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi geçen hepde Gresiýa resmi saparyny amala aşyryp, gresiýaly kärdeşi Kiriakos Misotakis bilen gepleşik geçirdi. Duşuşykdan soň Gresiýanyň Premýer-ministri iki ýurduň söwda, goranmak, howpsuzlyk, infrastruktura, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň güýçlendiriljekdigini aýtdy.
Naremdra Modi Hindistan bilen Gresiýanyň gatnaşyklarynyň derejesini strategik derejä çykarmak kararyna gelendigini aýtdy. Gresiýanyň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Narendra Modi bilen iri işewürler topary Gresiýanyň Pireý portuny hindi eksportynda ulanmak mümkinçiligini öwrenmek üçin geldi. Beýik Britaniýa Ýewropa Bileleşiginden çykansoň, Hindistan önümlerini üpjün etmek üçin alternatiw ugurlary göz öňünde tutýar.
Iki ýurduň metbugaty tarapyndan “taryhy waka” diýlip atlandyrylýan Narendra Modiniň sapary Hindistanyň Premýer-ministriniň soňky 40 ýylda Gresiýa eden ilkinji resmi sapary boldy.