Ita­li­ýa­nyň hö­kü­me­ti Ýew­ro­pa üçin esa­sy ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik mer­ke­zi bol­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Ýur­duň hö­kü­me­ti bu ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­sy­ny okt­ýabr aýyn­da mä­lim eder. Me­ýil­na­ma­nyň çäk­le­rin­de Tran­sad­ria­tik ge­çi­ri­ji­si­niň (TAP) gi­ňel­dil­me­gi we Af­ri­ka­da­ky gaz ön­dü­ri­ji­ler bi­len has ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk edil­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki ýurt­la­ry­na has köp ener­gi­ýa­nyň ibe­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ita­li­ýa­nyň hö­kü­met baş­ly­gy­nyň mas­la­hat­çy­sy Alf­re­do Man­to­wa­no ýur­duň Gü­nor­ta gaz ge­çel­ge­si­niň (Azer­baý­jan­dan baş­lap Tür­ki­ýe, Gre­si­ýa, Al­ba­ni­ýa ýurt­la­ry­nyň üs­tün­den ge­çip Ita­li­ýa çen­li bar­ýan gaz ge­çi­ri­ji) soň­ky şa­ha­sy bo­lan Tran­sad­ria­tik ge­çi­ri­ji­si­niň (TAP) Ýew­ro­pa gaz iber­mek­de äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. TAP-yň ýyl­lyk kuw­wa­ty 10 mil­liard kub met­re ýet­ýär. 2027-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li bu gör­ke­zi­ji­niň iki es­se art­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Man­to­wa­no şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da Al­žir bi­len Li­wi­ýa­nyň ara­syn­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­la­ryň hem gaz üp­jün­çi­li­gi­ni has-da art­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­di. Mun­dan ozal, ap­rel aýyn­da ýur­duň hö­kü­met baş­ly­gy Jor­ja Me­lo­ni şeý­le mak­sat­na­ma ba­ra­da okt­ýabr aýyn­da mä­lim edil­jek­di­gi­ni aý­dyp­dy.
Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy hem mun­dan öň TAP-y öz içi­ne al­ýan Gü­nor­ta gaz ge­çel­ge­si­niň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň se­bi­tiň ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň di­wer­si­fi­ka­si­ýa edil­me­gi­ne gol­daw ber­mek üçin Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da Or­ta ýer deň­zi gaz üp­jün­çi­lik mer­ke­zi­niň gu­rul­ma­gy­na ze­rur­lyk du­ýul­ýan­dy­gy­ny bel­läp­di.
Hä­zir­ki wagt­da Al­žir Ita­li­ýa­nyň iň uly gaz üp­jün­çi­si ha­sap­lan­ýar. Azer­baý­jan bol­sa TAP ar­ka­ly ýur­dy iň köp gaz iber­ýän ikin­ji ýurt ha­sap­lan­ýar.