Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) ýurduň ilkinji “Aditya L-1” atly Gün barlaglary üçin niýetlenen stansiýasyny 2-nji sentýabrda uçurmagy meýilleşdirýär.
Uçuryş ýerli wagt bilen sagat 11:50-de Satiş Dhawan kosmos merkezinden amala aşyrylar. Ol Bengal aýlagyndaky Şriharikota adasynda (Andhra Pradeş) ýerleşýär.
ISRO-nyň habaryna görä, “Aditya L-1” Ýerden, takmynan, 1,5 million kilometr uzaklykdaky Gün-Ýer ulgamynyň Lagranža L1 nokady sebitindäki galo-orbita çykarylar. Şeýle ýagdaýda awtomatiki stansiýa Ýere we Güne görä hereketsiz bolup biler, bu bolsa Kuýaşy päsgelçiliksiz synlamagy mümkinçilik döreder. Birnäçe gezek yza süýşürilen “Aditya L-1” missiýasynyň baş maksady Gün halkasyny, hromosferany we Gün şöhlelerini dürli spektrlerden öwrenmekden ybaratdyr.