Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da­ky res­to­ran­lar­da ro­bot ofi­siant­la­ryň sa­ny­nyň ar­tan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Pan­de­mi­ýa döw­rün­de adam­la­ryň gal­ta­şyk­syz hyz­ma­ta öw­re­niş­me­gi soň­lu­gy bi­len hem do­wam edip­dir. Ýur­duň ila­ty­nyň azal­ma­gy bi­len iş­gär ýet­mez­çi­li­gi hem ýü­ze çy­kyp­dyr. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de ro­bot­la­ryň ba­ha­sy ar­zan­lap­dyr. Ko­re­ýa­nyň ro­bot se­na­ga­ty bi­le­le­şi­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da ro­bot ofi­siant­la­ryň sa­ny 2021-nji ýyl­da­ky­dan 67 es­se kö­pe­lip, 5 mü­ňe ýe­tip­dir. Bu gör­ke­zi­ji­niň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li iki es­se ar­typ 10 mü­ňe ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le ro­bot­la­ryň ba­ha­sy­nyň 10 mil­li­on won­dan (7 müň 460 dol­lar) 30 mil­li­on won (22 müň 380 dol­lar) ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýän­di­gi aý­dyl­ýar.