1908-nji ýylyň 30-njy awgustynda Damaskdan Mekge şäherine çenli baryp ýetýän Hijaz demir ýoly açyldy. Demir ýoluň gurulmagynyň maksady sebit ýurtlarynyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakdan ybarat bolup durýardy. Gurluşygynda 1900-nji ýylda başlanan polat ýoluň uzynlygy 1322 kilometre ýetýärdi. Soňky ýyllarda täze şahalarynyň gurulmagy bilen onuň uzynlygy 1900 kilometre ýetdi. Nemes inženerleriň goldaw bermeginde gurlan demir ýoluň geljekde Berlinden sebit ýurtlaryna gatnawyň ýeňilleşdirilmegi maksat edinilýärdi.