“Apple” kompaniýasy her ýylda bolşy ýaly sentýabr aýynda “iPhone” smartfonynyň nobatdaky nusgasyny we beýleki enjamlaryny tanyşdyrar. Tehnologiýa ägirdi 12-nji sentýabrda “iPhone 15”, “iPhone 15 Plus”, “iPhone 15 Pro”, “iPhone 15 Pro Max”, “Apple Watch 9” “akylly” sagat seriýalaryny we iOS amaly ulgamyna degişli täzelikleri köpçülige görkezer. Dabara “Steve Jobs Theater”-da geçiriler. “Apple”-iň ilkinji 3 nanometrlik (nm) çipi bolan “Bionic A17”-niň “iPhone 15 Pro” hem-de “Pro Max” smartfonlaryna oturdyljakdygy bellenilýär. Bu çipleriň häzirkilere garaňda energiýany tygşytlamaga, netijede batareýanyň zarýadynyň uzak saklanmagyna ýardam etjekdigi bellenilýär. Şeýle hem dabarada “Apple Watch Ultra 2” “akylly” sagatlaryň hem tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Bilermenler “iPhone”-yň zarýad standartlarynyň hem ilkinji gezek üýtgediljekdigini belleýärler. Sebäbi, Ýewropa Bileleşiginde güýje girizilen kanuna görä, bu ýurtlarda satylýan ähli smartfonlar we elektron enjamlar “Type-C” zarýad standartyna eýe bolmaly.
Golaýda bolsa täze seriýa degişli smartfonlaryň nähili reňkde boljakdygy habar berlipdi. Bu reňkler – gara (ýarygije), ak (ýyldyz şöhlesi), narynç (merjen gülgünesi), gök we sary.