Müsüriň nebit we mineral baýlyklar ministri Taryk al-Mulla 2025-nji ýyla çenli täze 35 tebigy gaz ýatagyny açmagy meýilleşdirýändiklerini belledi. Ýurduň Premýer ministri bilen duşuşan Al-Mulla Ortaýer we Nil basseýninde jemi 45 tebigy gaz ýatagynyň açylmagynyň meýilleşdirilendigini, 2022-2023-nji maliýe ýylynda on gaz ýatagynyň açylandygyny aýtdy. Ministr 2025-nji ýylyň iýunynda tamamlanýan 2024-2025-nji maliýe ýylynyň ahyryna çenli bu taslamalar üçin 1,5 milliard dollardan gowrak maýa goýumyň özleşdiriljekdigini belledi. Ministr açylan 10 tebigy gaz ýatagynda gazyň tapylandygyny, olaryň iň esasysynyň Nergis gaz känidigini belledi. täze açyljak guýularyň ýerleri barada maglumat berilmedi.
Soňky ýyllarda içerki bazaryny tebigy gaz bilen doly üpjün edýän ýurt nebit we gaz gorlaryny artdyrmak üçin iri taslamalary durmuşa geçirýär.