Is­pa­ni­ýa­da “Cab­ra­les” at­ly “heň­li” peý­ni­riň 2,2 ki­log­ram­lyk bö­le­gi auk­si­on­da 30 müň ýew­ro sa­tyl­dy. Bu söw­da dün­ýä­dä­ki iň gym­mat peý­nir re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Peý­nir taý­ýar­la­ýan Gu­il­ler­mo Pen­das Is­pa­ni­ýa­nyň döw­let ha­bar­lar gul­lu­gy­na be­ren mag­lu­ma­tyn­da: “Go­wy peý­ni­ri­mi­ziň bar­dy­gy­ny bil­ýär­dik, ýö­ne ýeň­me­giň kyn­dy­gy­ny hem bil­ýär­dik” – diý­di.
“Los Pu­er­tos” peý­nir za­wo­dy­nyň eýe­si, Pen­da­syň eje­si Ro­za Wa­da bu peý­ni­ri 1400 metr be­lent­lik­dä­ki go­wak­da 7 gra­dus tem­pe­ra­tu­ra­da taý­ýar­lan­dyk­la­ry­ny we azyn­dan se­kiz aý şol ýer­de sak­lan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.
Peý­ni­ri ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky As­tu­ri­ýa knýaz­ly­gy­nyň Ow­ýe­do şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän “El Lla­gar de Col­lo­to” res­to­ra­ny­nyň eýe­si Iwan Sua­res sa­tyn al­dy.
Adaty “Cab­ra­les” peý­ni­ri­niň 1 ki­log­ra­my­nyň ba­ha­sy 35-40 ýew­ro­dan sa­tyl­ýar.
Bu peý­nir çig sy­gyr süý­dün­den ýa-da sy­gyr, go­ýun we ge­çi süý­dü­niň ga­ryn­dy­syn­dan taý­ýar­lan­ýar. Mun­dan ozal­ky re­kord 2019-njy ýyl­da ha­sa­ba al­nyp­dy. 20 müň 500 ýew­ro sa­ty­lan peý­ni­ri hem Sua­res sa­tyn alyp­dy.