Şu gün dünýäniň iň gadymy kinofestiwaly bolan Wenesiýa film şüweleňi başlady. 80-nji gezek geçirilýän festiwal 9-njy sentýabrda tamamlanar. Taryhy ýadygärlikleri we kanallary bilen meşhur bolan Wenesiýada geçirilýän festiwalda 21 film «Altyn palma» baýragynyň dalaşgärligine hödürlendi. Ýaryşyň ilkinji gününde Edoardo De Anjelisiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Comandante” açylyş filmi hökmünde görkezildi.
Açylyş dabarasynyň öň ýanynda geçirilen çärede uzyn metražly “Sala Darsena of Portrait of Gina” (1958) hem-de “Ala Darsena” filmleri şu ýylyň ýanwar aýynda aradan çykan italýan kinosynyň halypasy Gina Lollobrigidanyň hormatyna görkezildi.
Şeýle hem şu gün ussat režissýor Wes Andersona ýörite baýrak – «Cartier Glory to the Filmmaker Award» gowşurylar. Onuň Reýf Faýns, Benedikt Kamberbetç, Dew Patel, Kingsley ve Riçard Aýoade ýaly aktýorlaryň gatnaşmagynda düşürilen “The Wonderful Story of Henry Sugar” gysga filminiň ýaryşdan daşgary görkezilişi boldy.
Festiwalda emin agzalaryna “La La Land” filmi bilen meşhurlyk gazanan, ýaş režissýor Damien Şazell ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem palestinaly aktýor Saleh Bakri, täze zelandiýaly Jeýn Kampion, fransiýaly režissýor Mia Hansen-Lýowe, italiýaly režissýor, ssenariçi Gabriele Mainetti, britaniýaly režissýor Martin MakDona, argentinaly režissýor Santiago Mitre, amerikaly režissýor Lora Poýtras hem-de taýwanly aktrisa Şu Si dagy çagyryldy.