Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly Beks Le­wis hem-de Will Mon­go­me­ri­niň 11 aý­lyk bä­bek­le­ri eý­ýäm 23 ýur­dy aý­la­nyp, re­kord go­ýup­dyr. Maş­ga­la bä­bek­le­ri­niň bir ýa­şy­ny dol­man­ka 25 ýur­da aý­la­ma­gy­ny mak­sat edin­ýär­ler. Ýaş ça­tyn­ja­lar At­las at­ly bä­bek­le­ri dün­ýä inen­den soň­ra Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na sy­ýa­ha­ta git­mek ka­ra­ry­na ge­lip­dir­ler. Şon­dan soň­ra ola­ryň bu sy­ýa­ha­ty do­wam edip­dir. Bä­be­jik Şweý­sa­ri­ýa­da wag­ty eme­dek­le­me­gi öw­re­nip­dir, Nor­we­gi­ýa­da­ka di­şi çy­kyp­dyr. Fran­si­ýa­da na­har iýip baş­lap­dyr. At­la­syň ene-ata­sy il­ki­baş­da bä­bek bi­len sy­ýa­hat et­mek pi­kir­le­ri­niň ýok­du­gy­ny, em­ma mu­nuň çak edi­li­şi ýa­ly kyn bol­man­dy­gy­ny aýd­ýar. Olar Ýew­ro­pa ba­ran­dan soň­ra ki­çi­räk aw­to­bus sa­tyn alyp, Ita­li­ýa, San Ma­ri­no, Şweý­sa­ri­ýa, Lih­tenş­teýn, Slo­we­ni­ýa, Hor­wa­ti­ýa, Awst­ri­ýa, Çe­hi­ýa, Da­ni­ýa we Nor­we­gi­ýa ýurt­la­ry­na sy­ýa­hat edip­dir­ler. In­di bol­sa olar aw­to­bu­sy­ny sa­typ, il­ki Ang­li­ýa, soň­ra bol­sa uçar bi­len Gre­si­ýa ba­ryp, At­la­syň dog­lan gü­nü­ni bel­le­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.