Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler, giň gerimli oňyn özgerişler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen, düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly we guwançly wakalar boldy.
Ak mekdeplerde ilkinji jaň sesiniň kakyljak pursatlary, esasan hem, ilkinji gezek mekdebiň gapysyndan ätleýän ýaş türkmenistanlylar üçin has-da özboluşly wakadyr. Täze okuw ýylyna mynasyp girişmek üçin mekdep egin-eşikleriniň we esbaplarynyň taýýar bolmagy zerur. Şonuň üçin gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary doly güýjünde ýola goýlup, olarda harytlaryň ähli görnüşleriniň bolçulygy üpjün edildi. Ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirilip, täze okuw ýylyna taýýar edildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şu gün dürli dabaraly çäreler geçiriler, şol sanda Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy, şeýle hem
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy ýokary guramaçylyk derejesinde, dabaraly ýagdaýda açylar.
Şeýle-de, bu şanly senede Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüniň tutulyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak boýunça berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde eziz ata Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek, bedew batly ösüşlere, ýeňişli üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde täze, 2023–2024-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan ilkinji okuw sapagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen at bilen geçiriler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi baradaky hoş habaryň ýurdumyza gelip gowuşmagy hem ajaýyp we guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Bu möhüm waka hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara ýaşlar dialogyny işjeňleşdirmäge, ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aňyýet hem-de beden taýdan sazlaşykly ösmegine uly goşandyny goşýandygynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze okuw ýylynda ýurdumyzda täze ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň açylýandygy guwandyryjy wakadyr.
Umuman, 2023–2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň girizilendigini, şolaryň 21-siniň bakalawr, 8-siniň hünärmen, 6-synyň bolsa magistr maksatnamalaryny öz içine alýandyklaryny bellemek gerek. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryna laýyklykda, täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 35-siniň açylandygy guwandyryjy wakadyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleriniň anyk mysallarydyr.
Arslan MUHAMMETDURDYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy.