Germaniýanyň hökümeti, parlament tarapyndan tassyklan halatynda, Germaniýanyň raýatlygyny almagy aňsatlaşdyrjak kanun taslamasyny kabul etdi. Bu kanun taslamasyny Bundestagda kanuny güýje girizmek üçin ses berişlik senesi entek kesgitlenmedi.
-Bu reforma häzirki zaman migrasiýa kanunyny döretmäge kömek eder – diýip, içeri işler ministri Nensi Fezer belledi. Ol muny häzirki hökümetiň “iň möhüm taslamalarynyň biri” diýip atlandyrdy. – Ykdysadyýet gyssagly tertipde bu reforma zerur – diýip ministr sözüniň üstüne goşdy.
Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasyndan, “ýaşyllardan” we Erkin demokratik partiýasyndan düzülen häkimiýet başyndaky üç partiýa kanun taslamasyny maý aýynyň ortalarynda ara alyp maslahatlaşyp, ony parlamente hödürlemek üçin resmi taýdan tassykladylar. Bu eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurtda ýaşan, işlän we salgyt tölän adamlaryň hemmesiniň ýönekeýleşdirilen görnüşde Germaniýanyň raýaty bolup biljekdigini aňladýar.
Şeýlelikde, sekiz ýylyň ýerine, Germaniýada bäş ýyl ýaşandan soň raýatlyk almak mümkin bolar we “aýratyn integrasiýa üstünlikleri” ýagdaýynda üç ýyldan soň hem mümkin bolar. Mundan başga-da, raýatlyk almak üçin ýüz tutanlar, gelen ýurdunyň pasportyndan ýüz öwürmeli bolmazlar. Ozalky düzgünler bolsa, şu wagta çenli ilkinji raýatlykdan ýüz öwürmegi talap edýärdi.
Germaniýanyň Ykdysady barlaglar institutynyň habaryna görä, 2022-nji ýylda täjirçilik guramalary 630 müň boş iş üçin ökde hünärmen tapyp bilmedi. 2021-nji ýylda bu görkeziji 280 müňe deň boldy. Bilermenleriň pikiriçe, Germaniýa daşary ýurtly işçi güýjüni çekmek meselesiniň üstünde işlemese, ýene-de 12 ýyldan Germaniýanyň ykdysadyýetinde 7 million işçi ýetmezçilik eder.