1752-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Beýik Britaniýada we onuň deňziň aňyrsyndaky sebitlerinde, şol sanda häzirki Kanadanyň we ABŞ-nyň köp böleginde grigorian senenamasy kabul edilýär. Täze senenama ýurduň parlamentiniň 1750-nji ýyldaky kararyna laýyklykda geçildi. Şeýlelikde, 1752-nji ýylyň sentýabr aýyndan 11 gün aýryldy. Grigorian senenamasyna görä, täze ýyl 25-nji martyň ýerine, 1-nji ýanwarda başlanýar diýlip kabul edildi. Iki senenamada hem bir ýyl 365 gün hasaplanyp, her dört ýyldan artyk bir gün goşulýar. Şeýle-de bolsa, ozalky senenamada ýylyň dowamlylygy 365,25 gün, täze senenamada ýylyň ortaça dowamlylygy 365,2425 gün diýlip hasaplanýar. Beýleki dünýä ýurtlarynyň täze senenama geçmegi geçen asyryň başlarynda tamamlanýar.
Suratda: 1582-nji ýylda Rimde çap edilen köne we täze senenamany görkezýän senenama.