1-nji sentýabrda Singapurda geçirilen Prezident saýlawlarynda öňki ýokary derejeli ministr we Premýer-ministriň öňki orunbasary Tarman Şanmugaratnam ýeňiş gazandy. Bu barada “The Straits Times” neşiri habar berdi. Singapuryň saýlaw topary tarapyndan mälim edilen jemleýji netijede Şanmugaratnamyň 70,4% ses alyp, ýeňiş gazanandygy bellenilýär. Bäsdeşleri Ng Kok Song we Tan Kin Lian degişlilikde, 15,72% we 13,88% sese eýe boldular.
-Singapurlylar aýgytly ses bermek arkaly indiki Prezident hökmünde jenap Tarman Şanmugaratnamany saýladylar. Biziň hökümetimiz onuň bilen doly hyzmatdaşlyk etmekçi, jenap Tarmanyň özi hem hökümet bilen ýakyndan işleşmek isleýändigini mälim etdi. Ol tejribesini we garaşsyz pikirlerini ulanyp, Konstitusiýa laýyklykda, öz borçlaryny ýerine ýetirmek hukugyny paýhasly peýdalanar. Ol halkara derejesinde Singapura wekilçilik edip, baýdagymyzy belende galdyrar – diýip, Singapuryň Premýer-ministri Li Hsienlong ýeňijini gutlady.
Şanmugaratnam “singapurlylaryň berýän goldawynyň özüne täsir edendigini” belläp, – Maňa berlen sesler Singapura bolan ynam sesidir. Bu meni ruhlandyryp, bilelikde ösüş gazanyp biljekdigimizi görkezýär – diýdi.
Singapur parlament Respublikasy bolup, hakyky güýç Premýer-ministriň ygtyýarynda. Prezident Baş kazy, Baş prokuror, Döwlet gullugy komissiýasynyň başlygy we agzalary, goranmak güýçleriniň başlygy we polisiýanyň komissary ýaly möhüm wezipelere bellenmegi tassyklaýar. Prezidentiň, şeýle hem, maliýe boýunça kanun taslamalaryna weto bermäge hukugy bar (weto parlamentiň üçden iki köplügi bilen ýatyrylyp bilner). Mundan başga-da, Prezident günä geçişlikleri yglan edýär, korrupsiýa garşy göreş çärelerine gatnaşýar, içerki howpsuzlyk we dini meseleler boýunça zerur kararlary kabul edýär.