“International Workplace Group” (IWG) konsalting kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan işlemek we dynç almak üçin iň gowy şäherleriň sanawynda Barselona birinji orunda durýar. Sanawda jemi 26 şäher bar. Sanawyň ilkinji bäşligine Toronto, Pekin, Milan we Nýu-Ýork orun aldy.
– Kategoriýalar daşary ýurtda işlemek üçin iň oňaýly şertlere esaslanyp saýlandy – diýip, IWG-iň müdiri Darren Rojer aýtdy.
Bu şäherler esasan, howasy, medeni durmuşynyň baýlygy, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi (kärendesine almagyň ortaça bahasy), ulag (aýlyk ulag peteginiň bahasy), iýmit önümleriniň bahasy, internetiniň tizligi, bagtlylyk derejesi, gibrid iş ýerleriň bolmagy ýaly ölçeglere salgylanyp baha berildi.
Barselonada jaýy kärendesine almagyň ortaça bahasy aýda 1158 dollar. Deňeşdirmek üçin: Nýu-Ýorkda jaýyň aýlyk kärendesi ortaça 3 632 dollar. Barselonada bir bulgur kofe 2,68 dollar bolsa, Los-Anjelesde 4,92 dollar, Pekinde 4,57 dollar.
“International Workplace Group”-yň bilermenleri ýurtda gibrid düzgünde işleýän hünärmenleriň işleri bilen gyzyklananda olaryň aralykdan işlemäge hem, ofisde oturyp işlemäge hem mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyňlaşdyrdy. Barlaglaryň netijelerine görä, pikir soraşma gatnaşanlaryň 57%-i daşary ýurda syýahat etmegi we işlemegi ileri tutýan eken. IWG-niň hünärmenleri, uzakdan işlemek isleýänler üçin internet tizliginiň kesgitleýji faktorlaryň biri bolup durýandygyny bellediler.