Hä­zir­ki wagt­da iň köp ula­nyl­ýan saýt bo­lan “Go­og­le”-yň dö­re­di­le­ni­ne 25 ýyl dol­dy. 1998-nji ýy­lyň 4-nji sent­ýab­ryn­da Sten­ford uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry Lar­ri Peýj hem-de Ser­geý Brin “Go­og­le” göz­leg saý­ty­ny esas­lan­dyr­ýar. Lar­ri Peýj 1995-nji ýyl­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň as­pi­ran­tu­ra mak­sat­na­ma­sy­na komp­ýu­ter bi­lim­le­ri ug­run­dan ýa­zyl­ýar. Il­ki­baş­da Peýj “Go­og­le”-y yl­my iş hök­mün­de taý­ýar­la­ýar. Peýj en­tek ýa­ňy ýaý­rap baş­lan in­ter­net­de haý­sy sa­hy­pa­nyň beý­le­ki sa­hy­pa bi­len bag­la­nyş­ýan­dy­gy­ny anyk­la­mak üçin göz­leg ed­ýän ul­ga­my iş­läp taý­ýar­la­ýar. Şeý­le­lik­de göz­leg saý­ty­nyň (göz­leg mo­to­ry) il­kin­ji ädim­le­ri ädil­ýär. Peý­jiň şol dö­wür komp­ýu­ter bi­li­mi bo­ýun­ça bi­lim al­ýan ta­lyp Ser­geý Brin bi­len hem ara­sy go­wy bo­lup­dyr. Brin ma­te­ma­ti­ka­dan ök­de bo­lan­soň, iki ta­lyp saýt­la­ryň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­ýan “Pa­ge­Rank” al­go­rit­mi­ni dö­red­ýär.
1998-nji ýyl­da ma­te­ma­ti­ka adal­ga­sy bo­lan “goo­gol” at­ly şe­re­ket esas­lan­dy­ryl­ýar. Soň­ra bol­sa, “Go­og­le” ady bi­len has uly kom­pa­ni­ýa dö­re­dil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da “Alp­ha­bet” kong­lo­me­ra­ty­nyň esa­sy bren­di bo­lan “Go­og­le” dün­ýä­niň iň uly teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lup, dün­ýä­de 140 müň­den gow­rak iş­gä­ri bar.