Dünýäniň iň uly suwüsti ýel bekediniň gurluşygy tamamlandy. Hytaýyň «China Three Gorges Corporation» kompaniýasy tarapyndan işe girizilen äpet desga bir günde 384,1 megawat/sagat elektrik energiýasyny öndürip, bu ugurda täze rekord goýdy. Rekord önümçilige häzirki wagtda sebitde bolup geçýän güýçli ýel akymynyň täsiriniň bolandygy bellenilýär. Şeýlelikde, şu ýylyň awgust aýynda Daniýada hasaba alnan rekordyň täzelenendigi mälim edildi.
Elektrik desgasy mundan iki aý ozal gurlup gutarylypdy.
Ýurduň günorta-gündogarynda, deňiz kenaryndan 32,8 kilometr uzaklykda gurlan ýel bekediniň periniň merkeziniň beýikligi 152 metre ýetýär. Bu bolsa 52 gatly binanyň beýikligine barabar. Periniň ganatynyň diametri 252 metre ýetýär. Şeýlelikde, bekediň perleri 50 müň inedördül metr meýdanda aýlanýar. Bu bolsa ýedi futbol meýdançasynyň ululygyna barabar. Desganyň her ganaty bir aýlaw edende, 34,2 kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürýär. Şeýle hem turbina ganatlarynyň tizligini islendik wagtda üýtgedip, ýelden has netijeli peýdalanyp bilýär. Turbinanyň bölekleriniň 95 göteriminiň Hytaýda öndürilendigi mälim edildi.