Howa gözegçilikleriniň taryhynda 2023-nji ýylyň tomsunda adamzat iň yssy möwsümi başdan geçirdi. Bu barada BMG-niň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy habar berdi.
“Şu ýyl Ýer togalagynyň ilaty jöwzaly möwsümi – iň yssy tomsy başdan geçirdi” – diýip, gurama BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sözlerine salgylanýar. Ol dünýäde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegi talap edýän howa çökgünliginiň başlandygyny ýatlatdy.
Meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň iýul aýyndan soň awgust iň yssy ikinji aý boldy. “Copernicus” gullugynyň berýän habaryna görä, awgust aýynda howanyň temperaturasy, senagat döwründen öňki ortaça howa bilen deňeşdirilende, 1,5 gradusdan gowrak ýokarlandy. Umuman aýdanyňda, howa gözegçilikleriň taryhynda 2023-nji ýyl 2016-njy ýyldan soň ikinji yssy ýyl boldy.
Şeýle hem awgust aýynda dünýä ummanlarynyň ortaça temperaturasy rekord derejede – 20,98 gradus boldy.