Türk­me­nis­ta­nyň Su­rat­keş­ler bir­le­şi­gi­niň ser­gi mer­ke­zin­de Gül­näz Ro­zy­ku­lo­wa­nyň ýu­bi­leý ser­gi­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.
60 ýa­şy bel­le­nil­ýän su­rat­keş şah­sy ser­gi­sin­de 100-den gow­rak ese­ri­ni gör­kez­di. Su­rat­ke­şiň eser­le­ri te­ma­la­ry­na gö­rä bir­nä­çe to­pa­ra bö­lün­ýär, ola­ryň esa­sy bö­le­gi ýur­du­my­zyň gö­zel te­bi­ga­ty­na ba­gyş­lan­ýar.
Su­rat­ke­şiň «Gök­de­re», «Мar­din», «Dag­lar» we beý­le­ki eser­le­rin­de te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ni, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri gör­mek bol­ýar. Şeý­le hem su­rat­ke­şiň eser­le­rin­de mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy hem gör­mek bol­ýar. Şeý­le hem Gül­näz hor­mat goý­ýan su­rat­keş­le­ri­niň we sa­zan­da­la­ry­nyň port­ret ga­le­re­ýa­sy­ny hem dö­ret­di.
Ola­ryň ara­syn­da ke­ra­mi­ka­çy Sol­maz Mu­ham­me­do­wa­nyň we meş­hur aý­dym-saz mu­gal­ly­my Ga­rold Neý­mar­kyň port­ret­le­ri aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.
Onuň Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň «Aý­gyt­ly ädim» ki­no­fil­mi­ne ýa­zan sa­zy at­ly ese­ri has-da tä­sir­li bo­lup­dyr.
Gül­nä­ziň eser­le­ri­niň bö­lüm­le­rin­den bi­ri hem mil­li nat­ýur­mort­lar­dyr. Gör­ke­zi­len iş­le­re gö­rä, Gül­näz Tür­ki­ýe­de, Mü­sür­de, Pa­mir­de bo­lup, şol ýer­le­re de­giş­li su­rat­la­ry hem dö­re­dip­dir.