Ýeňil atletika boýunça geçirilýän Almaz Liga ýaryşynyň nobatdaky tapgyry Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirildi. Şonda erkekleriň arasynda 2000 metre ylgamakda 24 ýyllyk dünýä rekordy täzelendi. Norwegiýaly ylgaýjy Ýakob Ingebrigtsen 2000 metr aralygy 4 minut 43,13 sekuntda geçip, dünýä rekordyny goýdy. Ol ozalky rekordy 1,5 sekunt ösdürmegi başardy. Bu ugurda ozalky rekord marokkoly Hişam El Gerruža degişli bolup, ol 1999-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda, ýagny laýyk 24 ýyl öň Berlinde 2000 metr aralygy 4 minut 44,79 sekunt geçipdi.

Brýusseldäki ýaryşda keniýaly Reýnold Kipkorir Çeruiýot 2-nji (4:48,14), awstraliýaly Stýuwart Maksweýn 3-nji (4:48,77) ýeri eýeledi.