G20 sammitinde Ýakyn Gündogar bilen Günorta Aziýanyň arasynda iň gysga ýol gurmak baradaky şertnamany yglan etdi.
Sammitiň esasy wakalarynyň biri bolsa, Afrika Bileleşiginiň “Uly ýigrimilige” goşulmagy bolup, Ýewropa Bileleşigi bilen deň derejede, G20-iň hemişelik agzasy boldy.
ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen tarapyndan Hindistany Ýakyn Gündogar we Ýewropa bilen birleşdirjek demir ýollaryň we portlaryň gurluşygy boýunça taslama hödürlendi.
-Bu taryhy waka. Şu günki günde bu Hindistanyň, Pars aýlagy ýurtlarynyň we Ýewropanyň arasynda iň göni aragatnaşyk bolar. Demir ýol aragatnaşygy arkaly Hindistan bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda 40 göterim ýokarlanar – diýip, Ursula fon der Lýaýen belledi.
Bu geçelge söwdany işjeňleşdirmäge, energiýa çeşmelerini daşamaga we sanly aragatnaşygy gowulandyrmaga ýardam berer. Jozef Baýdeniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Salliwanyň aýtmagyna görä, bu taslama Hindistan, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Iordaniýa, Ysraýyl we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary gatnaşar. Bu başlangyç, “Täze ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylyp, Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen bäsdeşlik edýär.
Mundan ozal “Bloomberg” sebit bileleşiginiň bu gurama agza boljakdygyny habar beripdi.