Tennis boýunça möwsümiň 4-nji “Uly tuwulga” ýaryşy bolan 143-nji “Amerika Açyk” bäsleşigi tamamlandy. Iki hepdeläp dowam eden ýaryşda erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç, zenanlardan amerikaly Koko Gauff çempion boldy. Ýeňijileriň hersine aýratynlykda 3 million dollarlyk pul baýragy berildi.

Erkekleriň arasyndaky finalda 2-nji belgidäki Nowak Jokowiç 3-nji hatardaky russiýaly Daniil Medwedew bilen duşuşdy. 3 sagat 16 minutlap dowam eden finalyň 1-nji setinde Jokowiç ýeňillik bilen ýeňiş gazandy. Garşydaşyny 30 sagada ýetirmän 6:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 2-nji set çekeleşikli ýagdaýda geçdi we ýeňijini taý-brek kesgitledi. Bu setde Jokowiç 7:6 hasabynda üstün çykdy. 3-nji setde Jokowiç 6:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempionlygyny baýram etdi. Bu onuň iň köp finalda utulan ýerindäki, ýagny “Amerika Açykdaky” 2011-nji, 2015-nji hem-de 2018-nji ýyllardan soň 4-nji çempionlygy boldy. 24-nji “Uly tuwulga” kubogyny gazanan Jokowiç bu ugurda ähli döwürleriň iň köp “Uly tuwulgaly” çempiony, awstraliýaly zenan tennisçi Margaret Kortuň rekordyny gaýtalady. Ol “Rolan Garrosdan” soň, “Amerika Açygyň” hem iň ýaşuly çempiony boldy (36 ýaş 111 gün). Jokowiç 30 ýaşyndan soň 12-nji “Uly tuwulgasyny” gazanyp, bu ugurda rekord goýdy.

Bu onuň karýerasyndaky 96-njy ATP çempionlygy bolup, ol Rojer Federer (103) hem-de Jimmi Konnorsdan (109) soň 3-nji ýerde barýar.

2021-nji ýylda Jokowiçi finalda ýeňen Medwedewe bu gezek garşydaşyna rüstem gelmek başartmady. Bu onuň 4-nji “Uly tuwulga” finaly bolup, ol 3-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Medwedew 2021-nji we 2022-nji ýyllarda “Awstraliýa Açygyň” finalynda utulypdy. Russiýaly tennisçi ýarym finalda geçen möwsümiň çempiony, 1-nji belgidäki ispaniýaly Karlos Alkarasy ýeňipdi.

Jokowiç bolsa 47-nji gezek ýarym finala çykyp, bu ugurda Rojer Federeriň rekordyny täzeläpdi. Ol ýarym finalda amerikaly Ben Şeltony 6:3, 6:2, 6:7 hasaplar bilen utupdy.

Jokowiç “Wimbledon” tennis ýaryşynyň finalynda Karlos Alkarasa ýeňilmedik bolsa, onda ol Şteffi Grafdan soň bir möwsümde 4 “Uly tuwulgany” hem gazanan 2-nji tennisçi bolmalydy.