14-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň bilelikdäki konserti geçiriler. Onda Türkmenistanyň sungat ussatlary hem çykyş ederler.
Bu konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi mynasybetli geçiriler.
Medeni çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Gülşat Gurdowa, Züleýha Kakaýewa hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Guwanç Ýazmämmedow «Meleguş», «Ak güllerim saňa», «Küştdepdi» atly aýdymlaryny, «Näzli» we «Laçyn» tans toparlary bolsa, türkmen halk döredijiligine degişli tanslaryny ýerine ýetirerler.
14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygy geçiriler. Şeýle hem şol günlerde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti hem geçiriler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 13-nji sentýabrda sebit ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň önüm öndürijileriniň sergisi, «Dostluk agşamy» atly dabaraly gala-konserti, ykdysady we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumy, ulag ministrleriniň birinji duşuşygy, Zenanlar dialogynyň agzalarynyň sebit duşuşygy, suratkeşleriň sergisi, milli tagamlaryň festiwaly, ýaşlar forumy, halkara ylmy-maslahaty geçiriler.