Dünýäde sitrus miweleriniň 17-20 töweregi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Sitrus miweleriň iň ulusy pomelo bolup, iň kiçisine kumkwat diýilýär. Narynç miweleriň gibrid görnüşi bolan bergamot hem özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ata Watany Günorta-gündogar Aziýa hasaplanýan bu miwe pyrtykal we sitronyň çaknyşdyrylmagyndan ýörite sort hökmünde alnypdyr. Ösümlikleriň «Rutaceae» maşgalasyna degişli bolan bergamoda ylmy dilde «Citrus bergamia» diýilýär. Özboluşly hoşboý ysy bilen tapawutlanýan sitrus miwäniň 80-90 göteriminiň Italiýanyň günortasyndaky Kalabriýa sebitinde ösdürilip ýetişdirilýändigi sebäpli, bergamoda başgaça «Kalabriýanyň ýaşyl altyny» hem diýilýär.
Ortaýer deňzi sebitine mahsus gasyn-gasyn galyň gabykly, limona meňzeş miwe, esasan, göklügine iýilýär. Pyrtykal ýaly ululykdaky ýaşyl miwäniň ýiti turşumtyk tagamy bar. Bazarlarda seýrek duş gelýän ýaşyl miwe ýyly howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. A, C witaminlerine, antioksidantlara we flawonoidlere baý bu miwe saglyk üçin örän peýdalydyr. Ýaşyl sitrus miwesi rahatlanmaga, ünsi jemlemäge, çalt uklamaga, bakteriýalara garşy göreşmäge we iýmit siňdiriş bilen bagly bozulmalarynyň öňüni almaga ýardam edýär. Hünärmenler deri keselleri bolan adamlara bergamotdan alnan efir ýagyny çalmagy maslahat berýärler.
Bergamot diňe iýmit çeşmesi bolman, eýsem, çaý önümçiliginde, şeýle hem parfýumeriýa senagatynda ulanylýar. Iňlisleriň meşhur «Earl Grey» çaýyna özboluşly we gaýtalanmajak tagamy berýän hem hut bergamotdyr. «Earl Grey» taýýarlananda guradylan çaý ýapraklarynyň üstüne bergamodyň gabygyndan alynýan efir ýagy sepilýär. Belläp geçsek, 1 kilogram arassa efir ýagyny öndürmek üçin, takmynan, 200 kilogram miwe gaýtadan işlenilýär.
Köpler bergamodyň ysyny halap, aşhanada, ýatylýan otagda ýa-da iş ýerinde ýaşyl miwäni saklaýarlar. Zyýanly mör-möjekler bergamodyň ysyny halamaýar. Şol sebäpli aşhanada ýa-da ammarda bu miwäni saklamak oňaýly çözgüt hasaplanýar. Hatda bergamodyň ýiti ysy daşarda uçup ýören mör-möjekleri hem uzaklaşdyrýar.
Bergamot kiçi boýly sitrus agajynda ýetişýär. Boýy 4-5 metre çenli ýetýän adybir agajyň goýy ýaşyl ýalpyldawuk ýapraklary, hoşboý ysly ak gülleri bolýar. Edil limon ýaly ösdürilip ýetişdirilýän bu agaç 3 ýyldan soň hasyla durýar. Mart-maý aýlarynda gülläp, noýabr-ýanwar aýlarynda miwesi ýygnalýan bergamot doly bişende edil limon ýaly saralýar. Bergamot agajynyň her düýbünden ortaça 80-100 kilogram hasyl alyp bolýar. Bergamot Fransiýanyň günortasynda, Türkiýäniň Antalýa şäherinde, Mawrikide, Argentinada, Braziliýada, Demirgazyk Afrikada we Gresiýada ösdürilip ýetişdirilýär.
PDF








