“Bloomberg” agentligi Ýewropa diplomatlaryna salgylanyp, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginde ýokary ýolbaşçy wezipelerine saýlawlar gutarandan soň ikinji möhlete galyp biljekdigini aýtdy.
–Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Ýewropa saýlawlaryndan soň iň esasy iş ýerlerini kesgitlänsoň, fon der Lýaýen häkimiýet başynda galyp biler. Ýöne ikinji möhlet onuň Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk eden ilkinji ýyllary bilen deňeşdirilende, düýpgöter tapawutly bolar” – diýip, agentlik ýewropaly diplomatlaryň sözlerine salgylandy.
Resmi ýolbaşçylaryň we diplomatlaryň pikiriçe, fon der Lýaýen “iň kyn döwürlerinde Ýewropa Bileleşigini saklamagy başardy”. Şol bir wagtyň özünde-de, ygtyýarlyklaryny ep-esli giňeltdi.
Ursula fon der Lýaýen 2019-njy ýyldan bäri Ýewropa Komissiýasynyň başlygy bolup işleýär we bu wezipäni eýelän ilkinji zenandyr.