Golaýda Norwegiýanyň Swalbard adasynyň golaýynda ýüzüp barýan gäminiň kapitany kenarda uklap ýatan ak aýyny gördi. Kapitan ýabany jandary oýarmak üçin deňziçilikde diňe duýduryş maksady bilen ulanylýan batly sesli signal berdi. Bu sese oýanan jandar ol ýerden uzaklaşdy. Swalbardyň häkimi Lars Fauze tarapyndan geçirilen derňewleriň netijesinde kapitanyň eden hereketiniň bilkastlaýyndygy we gorag astyndaky jandary bimaza edendigi anyklandy. Netijede kapitana 50 müň norweg krony (5 müň 300 amerikan dollary) pul jezasy berildi.

1973-nji ýylda kabul edilen kanuna görä, Swalbardda halkara derejesinde goralýan ak aýylary sebäpsiz bimaza etmek, yzarlamak düýbünden gadagan. Kanuna laýyklykda, adamlaryň iýul-fewral aýlary aralygynda 300 metr, köpelýän döwri bolan mart-iýun aýlarynda 500 metrden köp aýynyň golaýyna barmagy gadagan.

Bilermenler esasan tomus aýlarynda buz gatlagynyň ereýändigi sebäpli aýylaryň iýmit tapmakda kynçylyk çekýändiklerini belleýärler. Ýeterlik derejede iýmitlenip bilmedik jandarlar uzynly güni ýatyp geçirýärler. Şol sebäpli ýatan aýyny turuzmak olaryň has beter ysgynsyz bolmagyna sebäp bolýar.