Dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän şäherleriniň biri bolan Italiýanyň kanallar şäheri Wenesiýanyň merkezine girmek geljek ýyldan başlap tölegli edildi. Syýahatçylar şäheriň gadymy ýadygärlikleriň jemlenen taryhy merkezine girmek üçin 5 ýewrolyk bilet satyn almaly bolar. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçysy Luiji Brugnaro şäher merkezine girişiň belli wagtyň dowamynda düzgünleşdirilmeginiň gereklidigini, emma munuň şäheriň ýapylýandygyny aňlatmaýandygyny aýtdy. Bu töleg diňe şähere gündizine girip-çykjak syýahatçylara degişli bolup, şäherdäki myhmanhanalarda bolýanlara, şäherde ýaşaýanlara, işleýänlere, okuwçylara, talyplara we 14 ýaşdan kiçilere degişli däldir.
Täze düzgün 12-nji sentýabrda şäheriň mejlisinde sese goýuldy we tassyklandy. Şeýlelikde, geljek ýylyň bahar aýlaryndan başlap, myhmanlaryň has köp bolan günlerinde, jemi 30 gün giriş tölegli bolar.
Kanallaryň üstünde gurlan we taryhy ýadygärliklere baý bolan şähere her ýylda millionlarça syýahatçy barýar. Mundan iki ýyl ozal uly ýolagçy gämileriniň şähere girmegi gadagan edilipdi.