“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edişligi yglan edýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resminamalar 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabryna çenli şu salgyda kabul edilýär: Aşgabadyň halkara howa menzili, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41
Dalaşgär üçin maglumat:
– Türkmenistan raýatlylygynyň bolmagy;
– Aşgabat şäherinde ýazgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
– ýaşy 27-den geçmedik gyzlar hem ýigitler;
– ýokary bilim baradaky resminamanyň bolmagy;
– boýunyň 165 sm-den pes bolmazlygy;
– türkmen we rus dillerini erkin bilmegi;
– başlangyçdan (Elementary) pes bolmadyk derejede iňlis dil bilimi;
– beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar;
– mylaýym daş görnüş;
– düşnükli/aýdyň sözleýiş;
– alçaklyk;
– suwda ýüzmek ukyby;
– harby şahadatnamasynyň bolmagy (ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenden soň);
– hyzmat ediş pudagynda işlemek islegi;
Zerur resminamalar:
1. Pasport
2. Diplom
3. Işleýänler üçin zähmet depderçesi;
4. Harby şahadatnama
5. Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama
Okuw söhbetdeşlikden we lukmançylyk toparynyň barlagyndan soň başlanýar.