Şu gün gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Du­şen­be şä­he­rin­dä­ki «Kas­ri Mil­lat» köş­gün­de Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň bä­şin­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy öz işi­ne baş­la­dy. Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mo­nyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ril­ýän sam­mi­te gat­naş­mak üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow, Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Gyr­gy­zys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew hem-de hor­mat­ly myh­man hök­mün­de Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew tä­jik paý­tag­ty­na gel­di.
Dost­luk­ly ýurt­la­ryň Li­der­le­ri Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan gar­şy­la­nan­dan soň­ra, «Kas­ri Mil­lat» köş­gü­niň «Is­tik­lol» za­lyn­da ýo­ka­ry de­re­je­li sam­mit öz işi­ne baş­la­dy. Du­şu­şy­gyň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, oňa gat­naş­ýan döw­let Baş­tu­tan­la­ry ge­zek­li-ge­ze­gi­ne çy­kyş ed­ýär­ler. Şeý­le-de BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Ýö­ri­te we­ki­li­niň çy­ky­şy göz öňün­de tu­tul­ýar. Sam­mi­tiň jem­le­ri bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy ka­bul edi­ler.
Se­bi­tiň Li­der­le­ri hyz­mat­daş­ly­gyň bu meý­dan­ça­sy­nyň çä­gin­de 2018-nji ýy­lyň mar­tyn­da Ga­za­gys­tan­da, 2019-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da Öz­be­gis­tan­da, 2021-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da Türk­me­nis­tan­da, 2022-nji ýy­lyň iýu­lyn­da bol­sa Gyr­gy­zys­tan­da du­şu­şyp­dy­lar. Ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk­lar­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­ni öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak esa­syn­da gep­le­şik­ler­dir ge­ňeş­me­ler ar­ka­ly ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar, ugur­la­ryň giň top­lu­my bo­ýun­ça öň­de dur­ýan anyk we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­ýär.
Tä­jik ta­ra­py no­bat­da­ky ýu­bi­leý du­şu­şy­gy gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek üçin ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­di. Sam­mit­le­riň öňü­sy­ra­syn­da se­bit ýurt­la­ry­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň bi­ler­men­le­ri de­re­je­sin­de ge­ňeş­me­le­riň 7-si ge­çi­ril­di (5-si wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa, 2-si ýüz­be-ýüz gör­nüş­de). Hä­zir­ki ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň mö­hüm ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak bi­len, kä­bir res­mi­na­ma­la­ra hem gol çe­ker­ler.