Daşkent şäheri 2026-njy ýylyň «Global Cities Index» halkara reýtinginde 128 basgançak ýokary galyp, dünýäniň iň iri müň şäheriniň arasynda 343-nji orny eýeledi we iň çalt ösýän şäherleriň hataryna girdi.
“Yuz.uz” saýtynyň beren maglumatyna görä, paýtagt iň uly ösüşi ykdysady kategoriýada görkezip, bir ýylyň dowamynda 558-nji orundan 188-nji orna çykdy we ykdysady işjeňligiň ösüş depgini boýunça dünýäde absolýut lider boldy. Şeýle hem adam maýasy ulgamynda düýpli ösüş hasaba alnyp, şäher dünýäde 108-nji orna çykdy we soňky üç ýylyň dowamynda durnukly oňyn ösüş depginini görkezdi.
“Boston Consulting Group” (BCG) kompaniýasynyň barlaglary üýtgeşmeleriň tizligi boýunça Daşkent şäheriniň Şençžen we Er-Riýad şäherlerinden soň üçünji orny eýeländigini tassyklap, bilermenler ony geljegi uly megapolisi – «Cities to Watch» sanawyna goşdular.
Bu ýokary görkezijiler giň gerimli özgertmeleriň, şäher hyzmatlarynyň, telekeçiligiň we ýaşaýjylaryň bilelikdäki zähmetiniň netijesi bolup durýar. Häzirki wagtda ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, infrastruktura we ekologiýany gowulandyrmak, şeýle hem iş hem-de bilim üçin täze mümkinçilikleri döretmek ösüşiň esasy ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.
PDF








