ABŞ bilen Hytaý umumy bahasy, takmynan, 30 milliard dollara barabar bolan harytlara gümrük paçlaryny özara azaltmak barada taryhy ylalaşyga geldiler. Iki ýurduň liderleri Donald Tramp bilen Si Szinpiniň gatnaşmagynda geçirilen sammitde gazanylan bu ylalaşyk dünýä ykdysadyýetinde möhüm ädim boldy.

Ak Tam tarapyndan çap edilen sanawa laýyklykda, gümrük paçlarynyň azaldylmagy göz öňünde tutulýan hytaý harytlarynyň hataryna feýerwerkler, öý hojalyk harytlary, sport enjamlary we oýunjaklar girýär. Şol bir wagtda, Hytaýa iberiljek amerikan harytlarynyň sanawyna oba hojalyk önümleri, balyk we deňiz önümleri, işlenmedik agaç, kosmetika hem-de lukmançylyk serişdeleri goşuldy.

Hytaýyň Söwda ministrliginiň habar berşi ýaly, gümrük paçlary degişli içerki kanuny amallar doly ýerine ýetirilenden soň güýje girer, şunda ylalaşykda görkezilen harytlaryň, takmynan, 90 göterimine degişli paçlar «iň amatly şertler derejesine» çenli peseldiler. Mundan başga-da, taraplar bilelikdäki söwda geňeşini we oba hojalyk önümleriniň bazarlara çykarylmagy bilen bagly meseleler boýunça ýörite iş toparyny döretmek, şeýle hem maýa goýum päsgelçilikleri barada yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek babatda özara ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, taraplar emeli aň, onuň bilen bagly töwekgelçilikler hem-de mümkinçilikler boýunça hem gepleşiklere başlanylandygyny mälim etdiler.

Belläp geçsek, mundan öň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary gümrük paçlarynyň düýpli ýokarlandyrylmagy bilen häsiýetlenipdi. 2025-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Hytaý harytlaryna girizen gümrük paçlary 145 göterime çenli, Hytaýyň amerikan önümlerine girizen jogap paçlary bolsa 125 göterime çenli ýetipdi. Şondan soň, maý aýynda taraplar 90 günlük söwda ylalaşygyny gazanyp, ABŞ üçin paçlary 30 göterime, Hytaý üçin bolsa 10 göterime çenli peseltmegi tapgyrlaýyn amala aşyrdylar.