Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Du­şen­be­de ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň bä­şin­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­da çy­kyş edip, se­bit­de bäş­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bi­len bag­ly anyk tek­lip­le­riň bir­nä­çe­si­ni öňe sür­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da-da gö­nü­den-gö­ni Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki ösüş bi­len bag­ly bir­nä­çe baş­lan­gy­jy dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­tir­jek­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça dia­lo­gy esas­lan­dyr­mak, BMG-niň Aral deň­zi­niň se­bi­ti üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň oňaý­ly for­ma­ty­ny we dü­zü­mi­ni kes­git­le­mek üçin gu­ra­ma­nyň de­giş­li dü­züm­le­ri bi­len ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek bi­len bag­ly tek­lip­ler bar.
Şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bit ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­mak­da anyk we he­re­ke­te ukyp­ly öl­çeg­le­riň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň Söw­da eda­ra­sy­ny dö­ret­mek me­se­le­si­ne ga­ra­ma­gy; Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Ge­ňe­şi­ni we Ener­ge­ti­ka dia­lo­gy­ny dö­ret­me­gi tek­lip et­di. Se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň umu­my ta­gal­la­la­ry esa­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň hem-de Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň beý­le­ki se­bit­le­ri­niň ara­syn­da ýük we ýo­la­gy gat­naw­la­ry üçin yzy­gi­der­li esas­da amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py sam­mit­de Mer­ke­zi Azi­ýa Ulag-lo­gis­ti­ka plat­for­ma­sy­ny işe gi­riz­me­giň müm­kin­çi­li­gi­ne ga­ra­ma­gy hem tek­lip et­di. Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da öza­ra he­re­ket­le­riň ne­ti­je­li­li­gi ba­ra­da aý­dyp, bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni göz­le­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy.