Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Gahryman Arkadagymyza bu ýokary sylag Duşenbede geçirilen sebit ýurtlarynyň Liderleriniň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, hormatly Arkadagymyz şu gün Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen geldi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy tamamlanandan soňra, «Kasri Millat» köşgüniň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyzy degişli Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Dabaranyň dowamynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon şu gün sebitiň Liderleri tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda biragyzdan çözgüdiň kabul edilendigi barada habar berdi. Milli Liderimiz bu nyşana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda, halkara bileleşikde sebit döwletleriniň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlaryny ilerletmekde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyz öz işine berlen şeýle ýokary baha üçin sebit ýurtlarynyň Liderlerine çuňňur hoşallygyny bildirip, bu sylagy, ilkinji nobatda, ähli türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.