1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, daşary ýurtlaryňdyr halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bilim işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýokary okuw mekdepleriň birnäçesiniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň bilim pudagynda alnyp barylýan işleriň geriminiň barha giňelýändigini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Institutymyzyň täze binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňüne tutulýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli güýz gününiň ilkinji gününde bolup geçen taryhy wakalaryň biri-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli bagtyýar türkmen ýaşlaryna umumy okuw sapagyny geçdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 32 ýylyň dolýandygyny hem aýratyn belledi.
“Täze taryhy döwürde uzak geljegi nazarlaýan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli Maksatnamasy” kabul edilip, berkarar Watanymyzda ösüşleriň ýeňişli we şöhratly ýollary geçilýär” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belläp geçdi.
Okuw sapagy çuňňur many-mazmuna eýe bolup, oňa gatnaşan bagtyýar türkmen ýaşlarynyň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň baýramçylyk şatlygyny, gowy okap, kämil hünärmen bolup ýetişmek, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesini artdyrdy.
Çykyşyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara watançylyk we edermenlik baradaky parasatly öwüt-nesihatlaryny berdi.
“Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys” – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýratyn üns çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Mahym Magtymowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.