Ýewropa Parlamenti howa bilen bagly maksatlara ýetmek, şeýle hem energiýa serişdelerine garaşlylygy azaltmak maksady bilen arassa energiýa çeşmelerine maýa goýmagy ýeňilleşdirer. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginde 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýanyň sarp edilişi 32 göterimden 42,5 göterime ýetirildi.
Fransiýanyň Strasburg şäherinde geçirilen Ýewropa Parlamentiniň ýygnagynda energiýa baradaky täze düzgün sesleriň köplügi bilen kabul edildi. Täze düzgüne görä, ýurtlar umumy sarp edilýän energiýanyň 45 göteriminiň arassa çeşmelerden üpjün edilmegi üçin tagalla etmeli bolarlar. Soňky maglumatlara görä, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda sarp edilýän energiýanyň 22 göterimi ýel we Gün ýaly arassa çeşmelerden alynýar. Täze düzgüne görä, bu ugurlardaky maýa goýumlara has gysga wagtda rugsat berler. Logistika pudagynda hem arassa ýangyçlaryň sarp edilişi artdyrylyp, bu pudakda ýyladyşhana gazlarynyň howa goýberilýän möçberi 2030-njy ýyla çenli 14,5 göterim peseldiler.
Täze düzgün agza ýurtlaryň parlamenti tarapyndan tassyklanandan soňra güýje girer.
Näzik HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.