Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk möhüm ähmiýetli umumymilli çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli edaralar bilen jemgyýetçilik guramalary bilelikde guramagynda möhüm ähmiýetli çäreler guralýar. Biraýlygyň çäklerinde Baýramaly etrap polisiýa bölümmizde hem guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreler, maslahatlar dowamly geçirilýär. Çärelerde ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp, dürli maslahatlar berilýär.
Tomus paslynyň ahyrlap, altyn güýze gadam basylmagy bilen köçe-ýol hereketine gatnaşýanlar has-da artýar. Ulag we pyýada hereketiniň üzül-kesil köpelmegi oňa gatnaşyjylaryň jogapkärçiligini hem artdyrýar. Halkymyzyň abadan we rahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen kada öwrülen netijeli çäreleriň toplumy adamlary seresaplyga, ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine çagyrýar.
Ýurduň ýollary ykdysady kuwwatynyň hem görkezijisi bolup durýar. Türkmenistanyň dürli ugurlara degişli kaşaň desgalary ýol gurluşygynyň täsin binalary bilen bilelikde alanyňda has-da gözeldir we ol bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ýollaryň, ýanýodalaryň, sowma ýollaryň gyrasyna elwan gülleriň ekilmegi, owadan hem-de ykjam sütünlerdäki çyralaryň gijäni gündiz edip, töwerege ýalkym saçmagy her bir adamda şatlyk we buýsanç duýgularyny oýarýar we ýol hereketiniň howpsuzlygyna oňaýly täsirini ýetirýär. Göni we aýlawly köprüler, tunneller sürüjiler üçin aýratyn eşretdir. Döwrebap ýerasty we ýerüsti geçelgeler pyýadalar we sürüjiler üçin amatly hem-de howpsuz şertleri üpjün edýär. Döredilýän amatlyklaryň hözirini görmek, netijeli peýdalanmak bilen birlikde raýatlarymyz, ýagny sürüjiler we pyýadalar özleriniň kanuny borjuny hem berjaý etmelidirler. Ulaglaryň has köpelen häzirki döwründe bu örän möhüm bolup durýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak bu gün iň möhüm meseleleriň hataryndadyr. Bu işe her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzyň, ýagty ertirimiziň kepilidir. Maslahatlarda edilen çykyşlarda şeýle çäreleriň ähmiýeti giňden şöhlelendirildi we durmuşymyzyň goraglylygyny, ömrümiziň rahatlygyny, gözel Diýarymyzyň şaýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
Wepa Bähbidow,
Mary welaýatynyň Baýramaly etrap polisiýa bölüminiň PÝWM-niň oba ýerinde ýerli wekili polisiýanyň uly leýtenanty.