Ýaş nesilleriň arasynda kitap okamak medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen 34-nji kitap festiwaly 15-nji sentýabrda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda öz işine başlady.
Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň (parlament) howandarlygynda geçirilýän bu festiwal “Geliň köpüräk okalyň” şygary astynda geçirilýär. Mongoliýanyň Medeniýet ministrligi we hökümete degişli bolmadyk “Kitap medeniýetiniň dünýäsi” guramasy medeni çäräniň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.
Festiwalda 200-den gowrak neşirýatda çap edilen 350-den gowrak ýazyjynyň iň gowy kitaplary, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesi, şahsy ösüş we öz-özüňi kämilleşdirmek baradaky kitaplar hödürlenýär.
Festiwalda kitaplaryň sergi ýarmarkasy, mongol ýazyjylary bilen duşuşyklar guralyp, daşary ýurtly ýazyjylaryň täze kitaplary bilen tanyşdyrylar. Festiwal 17-nji sentýabr çenli dowam eder.