Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2023-nji ýy­lyň 7-nji mar­tyn­da çy­ka­ran 473-nji Ka­ra­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek, şeý­le hem Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­na­gär­lik-şä­her­gur­lu­şyk keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di.
Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň hä­kim­li­gi­ne Ar­ka­dag şä­he­rin­de ça­ga­lar se­ýil­gä­hi­niň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ony ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak üçin «Çyz­gy» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len şert­na­ma bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da baş­la­mak we ça­ga­lar se­ýil­gä­hi­ni 2026-njy ýy­lyň iýun aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.