Formula 1 boýunça möwsümiň 16-njy “Gran Prisi” Singapurda geçirildi. Marina Baý aýlagynyň köçelerinde geçirilen ýaryşa “Ferrari” toparynyň ispan piloty Karlos Saýns Junior ilkinji hatardan bat aldy. Ol 62 aýlawy 1 sagat 46 minut 37,418 sekuntda tamamlap, möwsümdäki ilkinji, karýerasyndaky 2-nji ýeňşini gazandy. Şunlukda, Karlos Saýns Junior Maks Werstappeniň hem-de “Red Bull” toparynyň dowam edip gelýän ýeňişli ýörişini soňlandyrmagy başardy. Niderland sürüjisi bassyr 10, “Red Bull” topary-da 15 ýaryşdan bäri ýeňiş gazanyp gelýärdi. Şol bir wagtyň özünde “Ferrari” topary F1-de 25 ýaryşdan soň ilkinji ýeňşini baýram etdi.

Ýaryşda “Mercedes” toparynyň britan sürüjileri – Lando Norris bilen Lýuwis Hamilton 2-3-nji orunlary eýelediler. Norris ýeňijiden 0,812, Hamilton bolsa 1,269 sekunt yza galdy. “Ferrari” toparynyň beýleki sürüjisi, monakoly Şarl Lekler 4-nji orny eýeledi. Yzly-yzyna 10 ýaryşda ýeňiş gazanyp, bu ugurda rekord goýan “Red Bull” toparynyň niderland piloty Werstappen 5-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.

Bu ýaryşdan soň sürüjileriň sanawynda utugyny 374-e ýetiren Werstappen liderligini dowam etdirýär. Topardaşy Serhio Peres 223 utuk bilen 2-nji ýerde barýar. Utugyny 180-e ýetiren Hamilton “Aston Martin” toparynyň 170 utukly Fernando Alonsodan öňe geçdi. Singapur “Gran Prisiniň” ýeňijisi Saýns bolsa 142 utuk bilen 5-nji ýeri eýeleýär.

Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 24-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Suzuka şäherinde geçiriler.