Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guralar.
Sergide hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapar. Şeýle hem serginiň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşlere, ýetilen sepgitlere bagyşlanan dürli çäreler meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, täze önümleriň, maýa goýum taslamalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljegi uly maksatnamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu barada 16-njy sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi.