Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Nýu-Ýork­da ge­çi­ril­ýän 78-nji mej­li­si­ne gat­naş­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow şu gün Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň (BSG) Baş di­rek­to­ry ha­nym Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la bi­len du­şuş­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we iri hal­ka­ra söw­da gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy mä­hir­li sa­lam­la­şyp, hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we ony ös­dür­me­giň gel­je­gi­ni söh­bet­deş­lik­de ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin dö­rän müm­kin­çi­li­ge ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di­ler. Umu­my pi­ki­re gö­rä, şu gün­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek we hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek hem-de ýur­du­my­za da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça iş­ler yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar.
Şeý­le hem du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ýö­ri­te Hö­kü­met to­pa­ry he­re­ket ed­ýär. Onuň üs­tü­ne ýur­du­my­zyň BSG-ä go­şul­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri öw­ren­mek, şeý­le hem de­giş­li tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak we­zi­pe­le­ri ýük­le­nil­di. Ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­sin­de 2020-nji ýy­lyň iýu­lyn­da Türk­me­nis­ta­na syn­çy de­re­je­si, 2022-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da bol­sa, Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na go­şul­ýan ýur­duň de­re­je­si («Iş­jeň syn­çy») be­ril­di.