1893-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Täze Zelandiýada dünýäde ilkinji bolup zenanlara ses bermek hukugy berildi. Ýurtda ilkinji ses berlişik iňlis migrantlarynyň göçüp barmagyndan soňra başlady. Ýurduň ilkinji konstitusiýasy 1852-nji ýylda kabul edilýär. Bir ýyldan soň ilkinji gezek parlament saýlawlary geçirilýär. Ilkibaşda belli bir mülki bolan, 21 ýaşyny dolduran erkekler ses berip bilýärdi. Täze kanunyň çykmagy bilen 1893-nji ýylda geçirilen ählumumy saýlawlarda zenanlar ilkinji gezek ses berýärler. Şeýle-de bolsa, bu kanun zenan raýatlara dalaşgär bolmaga rugsat bermeýärdi. 1919-njy ýyldan başlap, ýurtda aýal-gyzlara saýlanmak hukugy hem berildi.
Esasy Dünýä täzelikleri Taryhda şu gün Täze Zelandiýada zenanlara ses bermek hukugy berildi